Jeýms Bond öňkülerden ýaş bolar

15:4718.08.2022
0
3384
Jeýms Bond öňkülerden ýaş bolar
Surat: aussiedlerbote.de

Meşhur 007 belgili britan aňtawçysy Jeýms Bond baradaky çeper filmler tapgyrynyň nobatdaky filminiň baş gahrymany 30 ýaşlarynda bolar diýip, britan tele alypbaryjysy Ross King habar berdi. King soňky günlerde internetde geljekki Jeýms Bonduň özünden öňkülerden ýaş boljakdygy bilen bagly myş-myşlara syn bermek bilen, «Soňky myş-myşlar belli bir derejede hakykat, prodýuserler 30 ýaşlaryndaky aktýory gözleýärler» diýdi.

Öň täze filmde baş keşpde surata düşjekleriň arasynda aktýorlar Tom Hardiniň we Idris Elbanyň ady tutulýardy, emma olaryň ýaşy bireýýäm kyrkdan aňryny sermeleýär. Resmi däl dalaşgärler hökmünde aktýorlar Rege-Žan Peýjiň we Jeýkos Elordiniň atlary getirilýär.

Meşhur aňtawçy baradaky mundan öňki filmde baş keşbi 38 ýaşly Deniel Kreýg («Roýal kazinosy») ýerine ýetirdi. Täze Bonduň keşbine aktýory saýlap-seçmek işine geljek ýylda başlanar diýlip film.ru ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň