«Detoxboxtm» gündelik sagdyn iýmit önümlerini eltip bermek hyzmatyny hödürleýär

13:0118.08.2022
0
14571

«Detoxboxtm» kompaniýasy Aşgabat şäheri boýunça dogry iýmitlenmek meýilnamasyny, şeýle hem sagdyn iýmit önümlerini eltip bermek hyzmatyny hödürleýär.

Gözelligiň we sagdynlygyň biziň näme iýýändigimize baglydygy ählimize mälimdir. Wagtyň geçmegi bilen köp kişi iýmitlenmek endiklerini üýtgetmek we sagdyn iýmitlenmek hakynda pikirlenip başlaýar. Emma bu birbada hemmelere başartmaýar. Şeýle ýagdaýda iň gowy çözgüt «Detoxboxtm» kompaniýasynyň hünärmenlerine bil baglamakdyr.

«Detoxboxtm» kompaniýasynyň maksady adamlara sagdyn iýmitlenmegi endik edinmäge, täze durmuş ýörelgesini emele getirmäge ýardam etmekdir.

Kompaniýanyň esasy meýilnamalary:

  • «Maksimum», üç gün dowam edip, iýmitlenmegiň düzgünlerini käwagt bozýan we munuň hiç hili kemçiliklere ýol bermegini islemeýänler üçin niýetlenen;
  • 28 günüň dowamynda horlanmaga ýardam edýän agramy azaltmak üçin niýetlenen iýmit düzgünleri, «Super Boul» – 10 günüň dowamynda horlanmaga ýardam edýän örän täsirli berhiz;
  • Agramy artdyrmak üçin – netijäni uzak wagt saklamak, täze sagdyn endikleri özleşdirmek isleýänler üçin meýilnama.

«Detoxboxtm» kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan hödürlenýän meýilnamalar müşderileri oňaýsyz hala salmaýar, gowy görýän naharlaryndan ýüz öwürmek duýgusyny döretmeýär, sagdyn iýmitleri gönüden-göni «saçaga» eltip bermek hyzmatynyň amala aşyrylmagy bolsa onuň has ýeňil özleşdirilmegini üpjün edýär.

«Detoxboxtm» kompaniýasynyň esaslandyryjysy – Asýa Tajiýewa «Новая Волна» guramasyndan diýetologiýanyň esaslary we sagdyn iýmitlenmek düzgünleri boýunça okuw kurslarynda ýörite bilim aldy, Minskde nutrisiologiýa boýunça okuwlary geçdi. Ol jemi 10 dürli kurslary okady.

Amaly okuw döwründe Asýa Tajiýewa hususy iýmit tertibini (menýu) düzmegiň düzgünlerini özleşdirdi, her kişiniň aýratynlykda beden agramynyň indeks görkezijisini hasaplamagy, bedeniň bolmaly we häzirki agramyny, gündelik kabul edilýän iýmitiň kaloriýa derejesini kesgitlemegi, şeýle hem azyk önümlerini günüň dowamynda dogry paýlamagy öwrendi. Şonuň esasynda hem her gün üçin kabul ediljek iýmitiň tertibi hem-de detoks we horlanmak üçin meýilnamalar işlenilip düzüldi.

Häzirki günde «Detoxboxtm» hususy berhiz meýilnamalaryny hödürlemeýär, emma şoňa tarap dowamly hereket edýär. Galyberse-de, kompaniýanyň hünärmenleri öz meýilnamalarynyň netijesini aýdyň görýärler.

Şeýle hem «Detoxboxtm» işli adamlar üçin gündelik gyzgyn we doýuryjy günortanlyk naharlaryny eltip bermek hyzmatyny kämilleşdirmek bilen, müşderilerine sagat 12:00-dan 15:00-a çenli köpdürlüligi we ajaýyp tagamy bilen tapawutlanýan islendik görnüşdäki işewürlik günortanlygyny (biznes-lanç) hödürleýär.

«Detoxboxtm» meýilnamalarynyň agzasy bolmak üçin (+993 62) 08 98 88 telefon belgisine jaň etmek ýeterlikdir.

Işewürlik günortanlygy (biznes-lanç) üçin sargytlar sagat 9:00-dan 13:00-a çenli (+993 65) 85 64 76 telefon belgisi boýunça kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň