Arhiw

Ilon Mask «Twitterden» soň dünýäniň iň meşhur futbol klublarynyň hem birini satyn almakçy

16:4617.08.2022
0
3157

«SpaceX», «Tesla» kompaniýalaryny esaslandyran, ýakynda bolsa «Twitteri» satyn alan amerikaly işewür Ilon Mask «Mançester Ýunaýted» futbol klubyny hem satyn almak isleýändigini aýdy. Ol bu barada 16-njy awgustda «Twitterdäki» hasabyndan paýlaşdy.

Ýöne bary-ýogy bir setirlik ýazgynyň Maskyň hakyky maksady ýa degişmesidigi heniz belli däl. Ol mundan öň hem iri meseleleriň birnäçesine degişme bilen çemeleşendigi arkaly meşhurdyr. Şeýle-de bolsa ýeke setirlik twit dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi.

«Mançester Ýunaýtediň» paýnamalarynyň agramly bölegi häzir Maskyň watandaşy Malkolm Glazere degişli. Ýöne «gyzyl şeýtanlar» onuň kluby ýöredişinden nägile.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň