Daşoguzly daýhan 100 gektar bugdaý meýdanynyň her gektaryndan 100 sentnerden hasyl tabşyrdy

11:4017.08.2022
0
2629

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşigindäki bugdaýyň ýöriteleşdirilen saýlantgy tohumçylyk hojalygynyň müdiri, şu daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aşyrmuhammet Söýünow özüniň 100 gektar kärende ýerinden gektaryna 100 sentnere golaý hasyl alyp, müň tonna töweregi guşgursak bugdaýy Watan harmanyna goşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Halypa daýhan şu ýyl tohumlyk bugdaý ýetişdirmek babatdaky şertnamalaýyn borçnamasyny üç esseden gowrak artygy bilen ýerine ýetirdi. Onuň ýetişdirýän «sähraýy» atly ýokary arkaly tohumlyk bugdaýyna ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem uly isleg bildirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň