Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Britaniýadaky guraklygyň netijeleri kosmosdan görünýär

16:4315.08.2022
0
1843
Beýik Britaniýadaky guraklygyň netijeleri kosmosdan görünýär
Surat: mir24.tv

Beýik Britaniýanyň etraplarynyň birnäçesinde häkimiýetler guraklyk barada resmi yglan etdiler diýip, «MIR 24» habar berdi.

Bu ýaşaýjylar üçin suwy durmuş we telekeçilik maksatlary üçin ulanmakda çäklendirmeleriň giriziljekdigini aňladýar. Has berk çäreleriň hem görülmegi üçin mümkin, mysal üçin, binalary, ulaglary we penjireleri ýuwmak üçin pürküjileri ulanmak gadagan edilip bilner.

Düzgün häzirlikçe Londony-da goşmak bilen, sekiz etraba degişlidir. Bularyň sebäbi-de rekord derejedäki yssy howa we ygal ýetmezçiligi.

Daýhanlar geljek ýyl üçin ekin ekmelimi diýip, ikirjiňlenýärler. Guraklygyň netijeleri hatda kosmosdan hem görünýär, emeli hemra arkaly düşürilen suratlarda soňky birnäçe aýdaky tapawut mese-mälim bildirip dur, ýaşyl çäkler indi goňur öwüşgin alypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň