Arhiw

Hytaýda dünýäde ilkinji asma demir ýol ulanmaga berildi

11:5315.08.2022
0
6312
Hytaýda dünýäde ilkinji asma demir ýol ulanmaga berildi
Surat: 17blogs.com

Hytaýda dünýäde ilkinji magnit asmaly demir ýol şahasy ulanmaga berildi diýip, bu ýurduň Döwlet Merkezi teleýaýlymy habar berdi.

Demir ýol Hytaýyň günortasyndaky Szýansi ülkesinde ýerleşýär, onuň uzynlygy 800 metr, ýeriň üstünden beýikligi on metre deň. Gurluş hemişelik magnit güýjünde işleýär we 88 ýolagçyly otlyny götermäge ukyplydyr.

Ady tutulan ülkäniň Ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, şeýle ýoluň gurluşygyna sarp edilen serişdeler metro ugrunyň gurluşygynyň ondan birine deň derejede arzandyr. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň