Soňky habarlar

Arhiw

«Gerekli» onlaýn marketi türkmenistanlylara «Samsung Galaxy Z Fold 4» we «Z Flip 4» smartfonlarynyň ilkinji ulanyjylarynyň hatarynda bolmagy teklip edýär

17:5311.08.2022
0
8721

Düýn «Galaxy Unpacked 2022» smartfony tanyşdyrylypdy, «Gerekli» söwda internet-meýdançasy bolsa eýýäm «Samsung» samrtfonlarynyň flagman görnüşlerini – «Samsung Galaxy Z Fold 4» we «Galaxy Z Flip 4» smartfonlaryny öňünden sargyt etmek arkaly satyn almak mümkinçiliginiň bardygyny yglan etdi. «Samsung» samrtfonlarynyň flagman görnüşleriniň ilkinji ulanyjylarynyň hatarynda bolmak üçin 2022-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli arzalaryňyzy tabşyrmak zerurdyr.

Şeýle hem öňünden arza resmileşdirenleriň ählisine sowgatlar garaşýar. «Samsung Galaxy Z Fold 4» bilen sowgat hökmünde «Samsung Galaxy Watch Classic 46 mm» «akylly» sagatlary gowşurylýar, «Galaxy Z Flip 4-iň» ýanynda bolsa «Samsung Galaxy Buds 2 pro» simsiz gulaklyklar berler.

«Gerekli» onlaýn dükanynyň teklibi Türkmenistanyň ähli kämillik ýaşyna ýeten raýatlaryna we Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna degişlidir. Munuň üçin degişli resminamalar bilen şahsyýetiňizi tassyklatmak gerekdir.

Öňünden sargyt edilen wagty harydyň bahasynyň 20% tölegini geçirmelidir.

Öňünden sargyt etmek üçin www.gerekli.tm saýtyna ýa-da (+993 64) 06 56 66 telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz.

Haryt alyja geçirilen wagtynda satyjynyň harydyň başlangyç bahasyna üýtgeşme girizmäge hukugy bardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň