Owganystanly işewür 110 tonna mineral dökün satyn aldy

17:3011.08.2022
0
1280

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Polimer Gap hojalyk jemgyýetinden Türkmenistandan mineral dökünleri eksport etmek üçin geleşik baglaşyldy.

9-njy awgustda gazanylan ylalaşyga görä, kompaniýa owganystanly telekeçä Nitros söwda nyşanly 110 tonna mineral döküni ibermeli. Harydyň bir tonnasynyň bahasy $435 bolup, geleşigiň umumy bahasy $47,8 müň barabar boldy diýlip, biržanyň resmi saýtynda habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň