Soňky habarlar

Arhiw

«Real» UEFA-nyň Super Kubogyna mynasyp boldy

08:0011.08.2022
0
5167

Düýn agşam Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherindäki Olimpiýa stadionynda UEFA-nyň Super Kubogy üçin oýun geçirildi. Duşuşykda ÝÇL-iň ýeňijisi ispanlaryň «Real» topary geçen möwsümde Ýewropa ligasynyň çempiony bolan nemesleriň «Aýntrahtyna» garşy meýdança çykdy. Oýun 2:0 hasabynda «Realyň» peýdasyna tamamlandy.

Gollara 37-nji minutda Dawid Alaba we 65-nji minutda Karim Benzema awtorlyk etdiler. Şeýlelikde «Real» UEFA-nyň Super Kubogyna bäşinji gezek eýe çykyp, bu ugurda «Milan» we «Barselona» bilen deňleşdi.

Madridlileriň tälimçisi Karlo Ançelotti bolsa tälim berýän toparlary bilen dördünji gezek bu baýraga mynasyp bolup, Gawrdioladan öňe geçdi hem-de UEFA-nyň Super Kubogyny iň köp eýelän tälimçä öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň