Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanda türkmen maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda 174 kärhana döredildi

10:5510.08.2022
0
1973

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly mejlis geçirdi. Onuň dowamynda Özbegistanyň goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda işjeň häsiýete eýe bolýandygy nygtaldy.

Özbek Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, hususan-da, soňky bäş ýylda Özbegistanyň goňşy döwletler bilen söwda dolanyşygynyň 2,5 ýarym esse ýokarlanyp, ABŞ-nyň 6 milliard dollaryndan geçendigi bellenildi. Bellenilişine görä, häzirki wagtda Özbegistanyň çäginde goňşy ýurtlaryň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda döredilen 1 700 sany bilelikdäki kärhana hereket edýär. Şeýle-de mejlisiň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli täze taslamalar we teklipler bilen tanyşdy hem-de olar babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Özbegistanyň Ykdysady barlaglar we reformalar merkezi Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy barada maglumaty paýlaşdy. Bellenilşi ýaly, 2021-nji ýylda Özbegistan dünýäniň 182 ýurdy bilen söwda gatnaşyklaryny amala aşyrdy. Özbegistan bilen daşary söwda gatnaşygynda Türkmenistanyň paýy umumy söwda dolanyşygynda — 2,1%, eksportda — 1,2% we importda — 2,8%-e barabar boldy. 2021-nji ýylda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň mukdarynyň 902 million dollar bolup, onuň 2020-nji ýylyň netijeleri bilen deňeşdirilende 67,6 göterim ýokarlanandygyny görmek bolýar. Şol bir wagtyň özünde, 2022-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň pul möçberi 322,6 million dollar bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,2 göterim artdy.

Türkmenistan bilen söwda dolanyşygynda Özbegistanyň eksporty 21%-e deňdir. Bu babatda eksportyň mukdary boýunça bolsa Türkmenistan Özbegistanyň önümlerini import edýän ýurtlaryň hatarynda 10-njy orunda durýar.

2022-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdanyň pul möçberi ýokarlanyp, 322,6 million dollara deň boldy. Şeýle-de eksport 16,6% ýokarlanyp, 62,9 million dollar, import bolsa 1,9% azaldy we 259,6 million dollara barabar boldy.

Mundan başga-da, çeşmede getirilýän maglumatlara laýyklykda, Özbegistanda häzirki wagta çenli Türkmenistanyň maýasynyň hasabyna 174 sany kärhana döredildi. Şol sanda şu ýylyň başyndan bäri 16 kärhana esaslandyryldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň