Soňky habarlar

Arhiw

Nebit gymmatlaýar

16:2709.08.2022
0
1163
Nebit gymmatlaýar
Surat: m24.ru

Nebitiň dünýä bahalary düýn, duşenbede ir bilen çig malyň bu görnüşiniň bazarda ýetmezçiliginiň döräp bilmegi bilen bagly emele gelen howatyrlanma zerarly gymmatlady. Bu barada «Trend» habarlar agentligi söwdalaryň maglumatlaryna we seljerijileriň bahalaryna esaslanyp ýazýar.

Netijede, «Brent» markaly nebitiň oktýabr fýuçersleriniň bahasy 0,28 göterim, ýagny bir barrel üçin 95,19 amerikan dollaryna, WTI görnüşli nebitiň sentýabr üçin fýuçersleriniň bahasy 0,25 göterim, ýagny bir barrel üçin 89,23 dollara çenli gymmatlady.

Ýagdaýa «gara altynyň» bazarda ýetmezçiliginiň döremek mümkinçiligi bilen bagly howatyrlanmalar sebäp boldy. Şeýle ätiýaçlanmany Hytaýdan gelip gowuşýan statistika hem berkitdi, ýagny «Bloomberg» neşiriniň HHR-niň Baş gümrükhana edarasynyň maglumatlaryna esaslanyp ýazmagyna görä, Hytaýa nebitiň eltilmegi iýulda öňdäki aýdakydan görnetin ýokarlandy.

«Biz henizem häzirki nyrhlarda nebit bazarynyň durnuksyz gytlyk ýagdaýynda galjakdygyna garaşýarys» diýip, «Goldman Sachs» bahalandyryş edarasynyň bilermenleri aýdýarlar diýip, «Bloomberg» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň