Arhiw

TÝL ― 2022: «Aşgabat» öz meýdanynda «Köpetdagdan» asgyn geldi

23:5205.08.2022
0
3859
TÝL ― 2022: «Aşgabat» öz meýdanynda «Köpetdagdan» asgyn geldi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 2-nji tapgyrynda «Köpetdagy» kabul eden «Aşgabat» 1:2 hasabynda asgyn geldi.

«Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Köpetdagyň» futbolçysy Begenç Akmämmedow iki gezek (88, 11 m.j.u., 90+2) tapawutlandy. «Aşgabadyň» ýeke-täk pökgüsini bolsa birinji ýarymyň goşmaça wagtynyň 1-nji minudynda Şatlyk Gurbanow geçirdi.

Bu duşuşykdan soňra «Köpetdag» ilkinji 3 utugyny gazanan bolsa, «Aşgabat» utuksyz ýaryşyň ahyrky basgançagyna çenli düşdi.

Indiki tapgyrda «Köpetdag» Balkanabadyň «Nebitçisini» kabul eder. Bu duşuşyk 11-nji awgustda bolar. Edil şol gün «Aşgabat» «Energetigiň» myhmany bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň