Arap döwletleri Serdar Berdimuhamedowy gutladylar

22:0704.08.2022
0
729
Arap döwletleri Serdar Berdimuhamedowy gutladylar
Surat: Türkmenmetbugat

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Mohammed bin Zaýed al Nahaýýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Mohammed bin Raşid al Maktum, Liwiýanyň Prezident Geňeşiniň Başlygy Muhammad Ýunus al-Manfi täze, 1444-nji hijri-kamary ýylynyň ýetip gelmegi mynasybetli gutlag hatlaryny ýolladylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hatlary iberenler tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Beýik Allatagaladan Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna we ähli musulman ymmatyna bolsa ýagşylyk, rysgal-bereket, hoşniýetlilik hem-de abadançylyk dileýändiklerini beýan edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň