Türkmenistanyň Prezidenti hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny ýola goýmak maksady bilen, “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek barada Karara gol çekdi. Onuň esaslandyryjylary hökmünde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine — esaslyk maýadaky paýy 99 göterim, ministrligiň “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasyna — esaslyk maýadaky paýy 0,5 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.
Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bellenen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmagyny üpjün etmek tabşyryldy.