Soňky habarlar

Archive news

Myrat Ýagşyýewiň het-trigi “Balkany” birinji orna gaýtaryp getirdi

15:3909.04.2015
0
2452
Myrat Ýagşyýewiň het-trigi “Balkany” birinji orna gaýtaryp getirdi

Aşgabatda we Balkanabatda geçirilen iki duşuşyk Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynyň 5-nji tapgyryny jemledi.

“Aşgabat” adybir stadionda “Daşogzy” kabul etdi. Ilgiz Abdyrahmanowyň şägirtleri şu möwsümde häzirlikçe diýseň şowsuz çykyş edýärler we çempionatda bir pökgi hem geçirmedik ýeke-täk topar bolmagynda galýar. Ine, “Aşgabat” bilen bolan oýunda-da daşoguzlylar öz derwezelerine jogapsyz üç pökgi geçirtdiler. Ýeňiji topardan Berdi Şamyradow (iki pökgi) bilen Pirmyrat Gazakow tapawutlandy.

Balkanabatdaky oýun hem hut şeýle hasap bilen tamamlandy. “Balkan” “Energetikden” üstün çykdy. Pökgüleriň üçüsini-de Myrat Ýagşyýew  geçirdi. Geçen tapgyrda “Daşogzy” 6:0 hasabynda ýeňipdi. Şol duşuşykda hem bu ukyply futbolçy pentatrik eden (bir oýunda 5 gol geçirmek) ilkinji futbolçy bolupdy. Ine, indi bolsa M. Ýagşyýew üç pökgi geçirip, ilkinji het-trigini etdi we 8 gol bilen netijeli hüjümçileriň sanawynda öňe saýlandy.

Bu ýeňişden soň, “Balkan” ýene birinji orna gaýdyp geldi.

Milli çempionatyň 6-njy tapgyry 10-njy aprelde “Ahal” — HTTU duşuşygy bilen açylar.    

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň