«Türkmenistan» awiakompaniýasy Stambuldan iki howa gatnawyny amala aşyrar

17:3115.07.2022
0
37442

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Stambul şäherinden Türkmenistana iki sany howa gatnawyny ýerine ýetirer. Bu barada «Atavatan Türkmenistan» žurnalynyň elektron neşirinde habar berilýär.

Bu ýolagçy gatnawlary awiakompaniýa tarapyndan 2022-nji ýylyň 17-nji hem-de 21-nji iýulynda Stambuldan Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline amala aşyrylar.

Bellesek, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlary 2020-nji ýylda wagtlaýyn togtadylypdy.

Bu günki günde bolsa «Türkmenistan» awiakompaniýasy Dubaý (BAE), Moskwa hem-de Kazan (Russiýa Federasiýasy) şäherlerine yzygiderli howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi.

18-nji iýulda bolsa awiakompaniýa Türkmenistanyň Belarusdaky raýatlary üçin ýörite howa gatnawyny guramagy meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň