Soňky habarlar

Arhiw

«Ýüpek ýoly» rallisiniň bäşinji tapgyrynda Merdan Toýlyýewiň ekipažy pellehana ilkinji geldi

10:3712.07.2022
0
10791
«Ýüpek ýoly» rallisiniň bäşinji tapgyrynda Merdan Toýlyýewiň ekipažy pellehana ilkinji geldi
Surat: media.silkwayrally.com

Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň sürüjileri «Ýüpek ýoly» ralli ýaryşynyň bäşinji tapgyrynda ýolsaýlamazlaryň (внедорожников) arasyndaky bäsleşiklerde ilkinji üçlügi hiç kime bermediler.

Has takygy, tapgyrda 3 sagat 47 minut 4 sekunt görkeziji bilen Merdan Toýlyýew «Nissan Patrol» awtoulagynda pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Ikinji orun Şamyrat Gurbanowa (+6,37), üçünji ýer bolsa Maksatmyrat Daňatarowa (+7,55) nesip etdi.

«Ýüpek ýoly» ralli ýaryşynyň bäşinji tapgyry «Groznyý–Groznyý» ugry boýunça geçirilip, ýoluň jemi uzunlygy 298 kilometre, ýörite bölegiň uzynlygy bolsa 217 kilometre deňdir.

«Ýüpek ýoly» ralli ýaryşynyň altynjy gününde «Groznyý–Elista» aralygynda marafon tapgyry geçiriler. Altynjy tapgyrda ýoluň umumy uzynlygy 545 kilometre, ýörite bölegi bolsa 485 kilometre deň bolar.

Russiýanyň çäklerinde geçirilýän «Ýüpek ýoly» ralli ýaryşynyň 7-nji iýulda başlandygyny we 16-njy iýulda tamamlanýandygyny ýatladýarys. Ýaryşda umumy badalgany Astrahanda alan sürüjiler Moskwadaky «Lužniki» stadionynda jemleýji pellehanany kesip geçerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň