Soňky habarlar

Arhiw

Atadurdy Baýramow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi wezipesine bellenildi

12:1709.07.2022
0
4206
Atadurdy Baýramow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi wezipesine bellenildi
Surat: Пресс-служба Администрации Главы Чувашской Республики

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Belläp geçsek, mundan ozal Atadurdy Baýramow Russiýa Federasiýasynda (Kazan şäheri) Türkmenistanyň Baş konsuly wezipesini ýerine ýetiripdi.

Döwlet Baştutanynyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik dereje berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň