Top.Mail.Ru

Türkmenistan Russiýadan armatur satyn almak boýunça şertnama baglaşdy

02:0608.07.2022
0
14078

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň «Новосталь-М» metallurgiýa holdinginiň «Металлургический Завод Балаково» paýdarlar jemgyýetinden önümlerini satyn almak boýunça şertnama baglaşyldy. Şertnama baglaşmak boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Bu Karar ýurtda gurluşygy alnyp barylýan, şeýle hem 2022-nji ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşyk işlerini bellenen möhletde, ýokary hilli ýerine ýetirmek etmek maksady bilen kabul edildi.

«Металлургический Завод Балаково» paýdarlar jemgyýetinden Türkmenistan 81,420 tonna armatur satyn alar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň