Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Çapar» atly çeper filmiň tanyşdyrylyşy boldy

11:5107.07.2022
0
8309
Aşgabatda «Çapar» atly çeper filmiň tanyşdyrylyşy boldy

Aşgabatdaky «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşigi tarapyndan taýýarlanan «Çapar» atly çeper filmiň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Bu film ýaňy-ýakynda Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäginde görkezilen sekiz çeper filmiň biridir.

Däp bolşy ýaly, filmiň görkezilişden öň döredijilik topary bilen duşuşyk geçirildi. Film umumylaşdyrylan sýužetde bolup, onda Seljuk döwletiniň begleriniň biri Merwden Dehistana bir gerçek ýigidi synag hökmünde çapar ýollaýar. Çapar ýigit ýolda gabat gelýän dürli kynçylyklara döz gelmek bilen, özüne bildirilen ynamy ödemekde gujur-gaýratyny gaýgyrmaýar. Film boýdan-başa çaparyň tutanýerliligi, gaýduwsyzlygy hakynda.

«Çapar» ýurdumyzyň dürli ýerlerinde, ýagny Astanababa, Gökdepe, Nohur, Dehistan ýaly gadymy taryhy ýerlerde surata düşürilipdir. Filmde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky akademiki Baş drama teatrynyň, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri surata düşüpdirler. Olar esasy rollarda keşpleri ökdelik bilen ýerine ýetiripdirler. Filmiň režissýory Wepa Işangulyýewdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň