Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça zenanlar milli ýygyndysy Singapurda geçirilýän Aziýanyň kubogyna ýeňiş bilen girişdi. Türkmenistanly zenan basketbolçylary ilkinji duşuşygynda Guamyň ýygyndysyny 21:14 hasabynda ýeňdiler.
Şu gün türkmen basketbolçylary yklym ýaryşynyň saýlama tapgyrynda ýene-de iki duşuşyk geçirerler. Bu duşuşyklar Gazagystanyň we Papua-Täze Gwineýanyň ýygyndylary bilen bolar.
Ilkinji duşuşykdan soňra türkmen ýygyndysy 21 utuk bilen toparçanyň başyny çekýär. Ikinji orundaky Gazagystanyň ýygyndysynda 17, Guamyň ýygyndysynda 14, Papua-Täze Gwineýada bolsa 5 utuk bar.
Toparçada birinji orny eýeläp, ýaryşyň esasy tapgyryna çykyp bilseler, türkmen basketbolçylarynyň ýedi garşydaşynyň eýýäm mälimdigini ýatladýarys. Olar ýer eýeleri Singapuryň, häzirki çempion Awstraliýanyň, FIBA-nyň reýtinginde ilkinji bäş orny eýeleýän Mongoliýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Taýwanyň we Şri-Lankanyň ýygyndylarydyr.
Umuman, esasy tapgyra 16 ýygyndy gatnaşar.