Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy CAFA-2022-ä gatnaşmak üçin Täjigistana gitdi

11:1705.07.2022
0
9715

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy Merkezi-Aziýa futbol assossiasiýasynyň çempionatyna gatnaşmak üçin şu gün Täjigistana ugrady.

Milli ýygyndymyzyň tälimçiler we futbolçylar düzümi ir säher bilen Aşgabatdan Türkmenabada geldiler. Bu ýerden topar «Farap» gümrük nokadyna alnyp gidildi. Türkmen ýygyndysy bu nokat arkaly Özbegistana geçdi. Ol ýerden hem ýaryşyň geçiriljek ýerine ― Täjigistanyň Duşenbe şäherine gidiler.

CAFA-2022-ä 8-nji iýulda badalga beriljekdigini ýatladýarys. Türkmenistanly futbolçylar ilkinji duşuşygyny ýaryşyň açylýan gününde Täjigistanyň ýygyndysy bilen geçirerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň