Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky RM awtoýuwalgasy müşderilere ulaglary ýuwmagyň dürli hyzmatlaryny hödürleýär

10:0805.07.2022
0
13030
Aşgabatdaky RM awtoýuwalgasy müşderilere ulaglary ýuwmagyň dürli hyzmatlaryny hödürleýär

RM Awtoýuwalgasy awtoulaglary ýuwmakda ýokary hilli hyzmatlaryň köp sanlysyny özünde jemleýän hyzmat ediş merkezidir. Bu ýerde awtoulaglary ýuwmakda müşderilere hyzmatlaryň dürli görnüşleri ýetirilýär.

RM Awtoýuwalgasynda awtoulaglaryň salonyny we nowasyny dolulygyna arassalamak we ýuwmak, şeýle-de ulagyň aýry-aýry ýerlerini we detallaryny ýuwup bermek hyzmatlary üpjün edilýär. Şunuň bilen birlikde, awtoýuwalgada müşderiler ulagyň salonyndaky ýaramaz yslary we tüsse yslaryny aýyrmak, awtoulagyň çyralaryny ýaldyratmak ýaly mümkinçiliklerden peýdalanyp bilerler.

Ulagyň içini himiki arassalaýyş işleri ýeňil hem-de has ýokary derejede ýerine ýetirilýär. Hyzmatlar merkeziniň ekspress ýuwmak hyzmaty bolsa müşderileriň wagtyny tygşytlamak bilen, has gyssagly wagtyň içinde — 15-30 minudyň dowamynda hem ulagy ýuwmaga, hem-de onuň tozanlaryny bitewüleýin arassalamaga ýardam edýär.

Bu ýerde ýetirilýän hyzmatlaryň tölegi bolsa ulagyň göwrümine we ony ýuwmagyň görnüşlerine görä kesgitlenilýär.

Awtoulag ýuwulýan mahalynda bu ýerde ýerleşýän dynç alyş zolagynda dynç alyp, Fast food kafesinde naharlanyp ýa-da PlayStation wideooýunlaryny oýnap wagtyňyzy hoş geçirmäge hem şertler döredilendir.

Mundan başga-da, RM awtoýuwalga hyzmatlarynyň öz sosial media sahypasynda islendik ulanyjy üçin elýeterli bolan dürli görnüşli arzanladyş çärelerini geçirýändigini-de bellemek bolar.

RM Awtoýuwalgasy hepdäniň ähli günleri sagat 09:00-dan 23:00-a çenli işleýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 62) 01 21 17;

Awtoýuwalganyň salgysy: Aşgabat ş., 9-njy kiçi etrapça, A.Nyýazow köçesi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň