Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentine gutlag ýollady

21:5603.07.2022
0
3052
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentine gutlag  ýollady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkynyň hem-de Hökümetiň adyndan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi – diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Döwlet Baştutany hatynda iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmek, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň iki halkyň nurana geljeginiň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigini aýratyn belledi. Şeýle-de Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Belarus Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa, parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň