Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Zeminiň süýji suwly howdanlary çalt yzgar ýitirýär

15:4501.07.2022
0
1287

Tehas uniwersitetiniň alymlary täze howp barada habar berdiler. Ýagny Ýerdäki süýji suwly howdanlar çalt bugaryp, suwuny ýitirip başlady. Kislorodyň azalmagyndan we zäherli suwotularyň köpelmeginden ötri, howdanlar çalt bugaryp, suwuny ýitirýär diýlip, «Nature Communications» neşirinde ýerleşdirilen habarda bellenýär. Bu barada «MIR24» ýazýar.

Süýji suwly howdanlaryň ýeriň üstüniň 5 million inedördül kilometrini eýeleýändigi bellidir. Olar süýji suwuň 90 göterimini saklaýarlar we özboluşly ekoulgamlara eýedir.

Emma ählumumy maýlamanyň we Gün radiasiýasynyň ýokarlanmagy netijesinde suw howdanlaryň ýaşaýyş terzi özgerdi, alymlar suwuň aýlanyşygynyň has tizleşendigini belleýärler.

Ylmy-barlaga gatnaşyjylar munuň üçin bütin dünýäde 1,42 million sany süýji suwly kölüň bugaryş möçberini seljerdiler. Şunda 1985-2018-nji ýyllar aralygyndaky hemra maglumatlaryndan peýdalanyldy. Seljermäniň netijesinde atmosfera gidýän suwuň möçberiniň her ýyl üç trillion litre çenli artýandygy belli boldy. Alymlar munuň dünýäde senagat we durmuş maksatly suwuň jemi ulanyşyndan hem ýokary bolup biljekdigini aýdýarlar.

Ylmy-barlaglar şeýle-de bugarmanyň öň pikir edilişiniň tersine, suw dolanyşygyna uly täsir edýändigini görkezdi. Ol bolsa öz nobatynda howanyň ýagdaýyna hem ýaramaz täsir edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň