Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy iýul aýyndan başlap, Dubaýa hepdede iki gezek gatnawy amala aşyrar

13:0625.06.2022
0
26463

«Türkmenistan» awiakompaniýasy iýul aýyndan başlap, Aşgabatdan Dubaýa (BAE) uçuşlarynyň ýygylygyny hepdede iki gezege çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Turkmenportalyň habarçysyna awiakompaniýanyň sorag-jogap gullugynda habar berdiler.

Häzirki wagtda uçuşlar hepdede bir gezek amala aşyrylýar, iýul aýyndan onuň ýygylygy hepdede iki gezek bolar. Tertibe laýyklykda, uçuşlar duşenbe we anna günleri amala aşyrylar.

Duşenbe günleri Aşgabatdan uçuş — 12:20-de, Dubaýda gonuş 13:50-de (ýerli wagt) bolar. Yzyna uçarlar Türkmenabat şäherindäki Halkara howa menziline geler. Duşenbe günleri Dubaýdan uçuş 15:20-de, Türkmenabatda gonuş 19:00-da (aşgabat wagty) bolar.

Anna günleri Aşgabatdan uçuş — 18:15-de, Dubaýda gonuş 19:45-de (ýerli wagt) bolar. Dubaýdan uçuş 21:30-da, Türkmenabatda gonuş şenbe güni 01:10-da (aşgabat wagty) bolar.

Bir tarapyň awiapeteginiň bahasy – 6600 manat. 2-den 12 ýaş aralygyndaky çagalar üçin nyrhnama aýratyn orny we 50% arzanlaşygy göz öňüne tutýar.

Goşmaça maglumat almak üçin şu belgilere ýüz tutup bilersiňiz: +99312391717 we 085.

Türkmenistandan BAE awiagatnawlar koronawirus pandemiýasy zerarly 2020-nji ýylyň martynda bes edilipdi. 2022-nji ýylyň maý aýynyň ahyrynda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat-Dubaý ugry boýunça gatnawlary dikeltdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň