Soňky habarlar

Arhiw

«Paýhas» bilim merkezi iňlis dili boýunça tölegsiz sapaklara gatnaşmaga çagyrýar

17:3324.06.2022
1
16171

26-njy hem-de 28-nji iýunda «Paýhas» bilim merkezi Speaking class we Creative Kids maksatnamalary boýunça açyk hem-de tölegsiz iňlis dili sapaklaryny geçirýär.

Speaking class maksatnamasy uly ýaşly öwrenijileriň iňlis dili boýunça gepleşik başarnyklaryny amal etmäge we ösdürmäge ýardam edýär.

Creative Kids maksatnamasy adyndan hem belli bolşy ýaly, «döredijilikli çagalar» diýmegi aňladyp, 6-11 ýaşly çagalaryň iňlis dilindäki döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Dürli hili oýunlaryň, göz öňünde janlandyrmalaryň hem-de döredijilikli çemeleşmeleriň kömegi bilen çagalar öz dil bilmekdäki mümkinçiliklerini ýeňil açyp bilýärler.

Açyk sapaklar 18:00-da başlanyp, oňa islendik gyzyklanma bildirýänler gatnaşyp bilerler.

«Paýhas» bilim merkezi tomusky okuwlar üçin öwrenijileri 29-njy iýuna çenli 20%-e çenli arzanladyş bilen kabul edýär.

Bilim merkezinde dürli ýaş aýratynlygyndaky öwrenijiler, has takygy 6-11 ýaşly hem-de 12 ýaşdan ulular üçin iňlis hem-de rus dilleri boýunça çuňlaşdyrylan sapaklar, şeýle-de kompýuter sowatlylygy boýunça okuwlar geçilýär.

Sapaklaryň ählisi interaktiw görnüşde, häzirki zaman multimediýa şertleriniň kömegi bilen soňky neşir edilýän täze okuw gollanmalary boýunça alnyp barylýar. Meselem, iňlis dili sapaklarynda Oxford Publishers, Let’s Go hem-de English File kitaplarynyň soňky neşirlerinden peýdalanylýar.

Sapaklara şu salgylar boýunça ýazylyp bilersiňiz:

  • Telefon belgileri: +993 12 36-99-96; +993 12 36-99-97;
  • IMO hasaby: +993 65 21-73-32;
  • Sosial media hasaby;

Salgysy: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Aba Annaýew köçesi (ozalky Ostrowskiý), 26-njy jaý.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň