Soňky habarlar

Arhiw

Çikagoly poliseýlere jenaýatçylary kowalamak gadagan edildi

17:0724.06.2022
0
1459

Amerikanyň Çikago şäheriniň polisiýa edarasy täze düzgüni yglan etdi, oňa görä, indiden beýläk poliseýlere gaçan ýa-da owunjak jenaýat eden adamlaryň yzyndan kowalamak gadagan ediler. Resminamada pyýada kowgy göz öňünde tutulýar diýip, «New York Post» gazeti ýazýar, bu barada MIR24 habar berdi.

Täze talaplaryň arasynda üçünji şahsyň ýaralanan ýagdaýynda poliseýiň özünden başga oňa kömek edip biljek adam ýok bolsa, jenaýatçyny kowalamak gadagan edilýär. Şeýle-de poliseý özüniň nirede ýerleşýändigini, mysal üçin, haýsy köçededigini aňşyryp bilmedik halatynda kowgyny bes etmeli bolar. Ol kärdeşleri bilen aragatnaşygy ýitiren ýagdaýynda-da saklanmalydyr.

Gadaganlyk şu tomsuň aýagynda güýje girer diýlip garaşylýar, munuň öňüsyrasy 11900 sany çikagoly poliseý bu ugurdan okuw geçer. Şeýle gözükme eýýäm Baltimorda, Filadelfiýada, Potlendde we Oregon ştatynda ornaşdyryldy.

Täze düzgün Çikagonyň häkimi Lori Laýtfutyň talaby boýunça girizilýär, muňa 2021-nji ýylyň martynda poliseýleriň jenaýatçylykly hadysa wagtynda 13 ýaşly ýetginjegi we 22 ýaşly erkek kişini atdanlykda atyp ýaralamagy sebäp boldy. Olaryň ikisi hem gurban boldy.

Neşir Çikagoda şu ýyl geçen ýyldaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, jenaýatyň derejesiniň artandygyny belleýär, esasan hem, ogurlykdyr ulag alyp gaçylmasy köpelipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň