Bred Pitt kinodaky işiniň jemleýji tapgyry barada gürrüň berdi

14:4223.06.2022
0
6081

Meşhur amerikan aktýory Bred Pitt «GQ» žurnalyna beren interwýusynda ýakyn günlerde kinokarýerasyny tamamlamagynyň mümkindigini ýaňzytdy.

«Göwnüme bolmasa, men häzir öz işimiň jemleýji tapgyryna gadam basan ýaly bolup durun» diýen aktýoryň sözlerini MIR24 getirýär.

Pitt indi kino taslamalaryna maýa goýmaga köp üns berýändigini, ýaş režissýorlary goldamaga çalyşýandygyny, şeýle-de eýýäm özüni tanadan ussatlaryň hem kino işlerini wagyz edýändigini aýtdy.

Aktýoryň nygtamagyna görä, ol häzir öz kärdeşi Edward Nortonyň ssenarisi esasynda surata alynýan «Lýuis we Klark» («Льюис и Кларк») atly serialy maliýeleşdirýär. Ol mundan başga-da onlarça filmlere maýa goýandygyny sözüniň üstüne goşdy, olaryň arasynda görnükli aktýor Leonardo di Kaprionyň baş keşbi janlandyrýan filmi hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň