Soňky habarlar

Arhiw

Mahmut Meredow küşt boýunça Aşgabadyň birinjiliginiň ýeňijisi boldy

13:4023.06.2022
0
5101

Türkmenistanyň paýtagtynda 8 ýaşa çenli çagalaryň arasynda küşt boýunça şäheriň birinjiliginiň jemleri jemlendi. Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçen ýaryşda A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň okuwçysy Мahmut Meredow bäsdeşlerinden görnetin tapawutlanyp, öňdeligi eýeledi.

Ýaryşda birinji orna eýe bolmak üçin ýaş küştçi geçirilen ähli 9 döw boýunça 9 gezek ýeňiş gazanyp, Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Hormat hatyna mynasyp boldy.

Ýaş küştçiniň gazanan nobatdaky ýeňşi dogrusynda aýtmak bilen birlikde onuň bu oýun bilen Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçisi, sport ussady Aýnur Isaýewanyň tälim bermeginde 3 ýaşyndan bäri meşgullanyp gelýändigini hem bellemeli.

Bu günki günde eýýäm ýurduň baýrakly orunlaryna dalaş edýän Mahmut Meredow geljekde ýurt boýunça, şeýle-de halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda baýrakly orunlar üçin bäsleşmegi maksat edinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň