Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy harby gullukçylara şahadatnamalary gowşurmak dabarasyny geçirdi

19:5920.06.2022
0
30008

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler jaýynda Gullugyň hataryna işe täze kabul edilen we hünär taýýarlygyny üstünlikli geçen ýaş harby gullukçylara ilkinji harby atlary dakmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda harby gullukçylara ilkinji harby atlary dakyldy we olara hünär taýýarlygyny üstünlikli geçendigi barada şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu barada Gullugyň saýtyna habar berilýär.

Harby atlary alyp, harby gullukçylar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginde, döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da belende götermekde, ýurdumyzyň migrasiýa babatdaky syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde arassa, päk zähmeti bilen wepaly gulluk edip, mundan beýläk hem ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna dabaraly ýagdaýda kasam etdiler.

Harby gullukçylar harby we hünär taýýarlyk okuwlarynda öwredilenlerden başga-da Okuw bölüminiň binýadynda döredilen kitaphanada bar bolan kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan, ynsanperwer ylymlaryna degişli edebiýatlardan, döwürleýin neşirlerden hem-de beýleki ylmy we çeper kitaplardan yzygiderli peýdalanmak bilen, giň dünýägaraýyşly harby gullukçylar bolup öz bilimlerini has-da kämilleşdirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň