Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti Türkmenistanyň raýatlaryna salgyt töleýjileriň 2022-nji ýylyň I ýarymýyllygynyň jemi boýunça salgyt bölümine salgyt beýannamalaryny tabşyrmagyň möhletlerini mälim etdi.
«Türkmen gündogary» gazetiniň habar bermegine görä, salgyt beýannamalaryny tabşyrmagyň möhletleri hususy telekeçiler üçin, şeýle-de fiziki şahslar üçin görkezilendir.
Şunlukda, möhletler salgyt salmagyň umumy ulgamy boýunça salgyt töleýän telekeçiler üçin goşulan baha üçin salgyt boýunça 2022-nji ýylyň 20-nji iýulyna çenli, şahsy adamlardan alynýan girdeji salgyt boýunça bolsa 2022-nji ýylyň 25-nji iýulyna çenli diýlip kesgitlenendir. Salgyt beýannamalaryny tabşyrmagyň möhleti salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy boýunça salgyt töleýän telekeçiler üçin umumy girdejiden tölenýän girdeji salgydy boýunça 2022-nji ýylyň 15-nji awgustyna çenlidir.
Şeýle-de degişli habarda görkezilen möhletlerde salgyt beýannamalaryny tabşyrmadyk telekeçilere Türkmenistanyň «Administratiw hukuk bozulmalary hakynda» kodeksiniň 300-nji maddasyna laýyklykda jogapkärçilige çekilip, jerime ediş çäresiniň ulanyljakdygy bellenilýär.