Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestri tarapyndan Resul Klyçewiň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde boldy.
Aýdym-saz dabara Aýna Seýitgulyýewa bilen Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň ýerine ýetirmeginde «Arkadag» diýen aýdym bilen açyldy.
Joşgunly gurşawy döreden dabaranyň çykyşlarynyň dowamynda şahyra bagyşlanan hem-de Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden aýdymlar ýaňlandy.
Türkmen halkynyň tanymal aýdymçylary we kompozitorlary döredýän sungat eserlerinde şahyryň döredijiligine yzygiderli ýüzlenýärler we bu ugurda ajaýyp milli öwüşginli aýdymlarydyr sazlary halka bagyş edýärler. Bu babatda görnükli kompozitor Weli Ahmedowyň «Türkmeniň» diýen sungat eseri hem şahyryň Watana, ene topraga bolan söýgüsini, onuň döredijiliginiň şahyranalygyny we ussatlygyny inçeden açyp görkezýär.
Akyldar şahyryň goşgy setirlerine döredilen aýdymlary bolsa Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowa, Gowşut Baýramow we beýleki sungat işgärleri ýerine ýetirdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň döwlet hory bolsa şahyryň eserlerine döredilen birnäçe aýdymlary aýtdylar. Şolaryň biri hem — Çary Nurymowyň döreden «Oýanmaz» aýdymydyr.
Aýdym-sazly dabaranyň dowamynda Alty Garlyýewiň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen «Magtymguly» kinofilmine Nury Halmämmedowyň sazy filmden bölekleriň görkezilmegi bilen tomaşaçylara ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşirinde habar berilýär.