Arhiw

Aşgabatda ilkinji gezek «Go Viral 2022» innowasion festiwaly geçiriler

11:2419.06.2022
0
17557

Türkmenistanyň media, işewürlik, medeniýet hem-de tehnologiýa pudaklarynda iş alyp barýan hünärmenler we bilermenler «Go Viral 2022» innowasion festiwalyna gatnaşmaga çagyrylýar. Bu çäre 2-nji iýulda «Ýyldyz» myhmanhanasynda bolar.

«Go Viral 2022» — bu media, işewürlik, medeniýet hem-de tehnologiýa pudaklaryna degişli ABŞ-nyň, Merkezi Aziýanyň hem-de Gündogar Ýewropanyň öňdebaryjy trendsetterleri tarapyndan guralýan leksiýalary, workşoplary, çekişmeleri, filmleri, aýdym-sazly çykyşlary we beýleki dabaralary özünde jemleýän festiwal hem-de köpçülikleýin çäredir.

«Bu ýylky geçýän festiwalyň mowzugy — «Gözlemek. Oýlap tapmak. Çözmek» at bilen geçýär. Festiwalyň esasy maksady — media, işewürlik, medeniýet we tehnologiýa çygyrlarynda jemgyýetiň döwrebaplygyny kämilleşdirmek bolup durýar» – diýip, çäräni guramaçylar belleýärler.

Bu ýerde isleg bildirýänleriň ählisi E-Söwda (elektron söwda), mobilografiýa, Türkmenistandaky IT tendensiýalary öwrenmek, wideo önümçiliginde täsirli toparlaýyn işi we iş ýerlerini nädip guramalydygyny özleşdirmek, sanly gurallar arkaly öz işini kämilleşdirmek we başga işler babatda okuw sapaklaryny geçip biler.

Festiwal 13:00-da başlanar. Çärä gatnaşmak tölegsiz bolup, ýerleri çäklendirilendir. Festiwalyň tertipnamasy we oňa hasaba durmak bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň