Top.Mail.Ru

Eýranda güýçli ýertitreme bolup geçdi

14:5216.06.2022
0
13736

Çarşenbe güni Eýranyň günorta sebitinde 5,2 magnitudaly ýertitreme bolup geçdi. Bu babatda day.az neşiriniň habar berşi ýaly, bu ýertitremede seýsmiki sarsgynyň merkezi Hormozgan welaýatyndaky Çarak portunyň golaýyna düşüpdir. Ýertitremäniň çeşmesi 8 kilometr çuňlukda ýerleşýär diýlip bellenilýär.

Neşiriň berýän maglumatlaryna laýyklykda, ýertitremäniň bolan sagatlarynda bu ýerde seýsmologlar tarapyndan magnitudasy 4,0 derejeden ýokary bolan dört sany sarsgyn hasaba alnypdyr. Hadysanyň ýetiren zyýanlary barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň