Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan eýranly hyzmatdaşlary üçin nyrhnama ýeňilliklerini döreder we gümrük amallaryny ýeňilleşdirer

22:2315.06.2022
0
6635

Türkmenistan eýranly hyzmatdaşlary üçin nyrhnama ýeňilliklerini döreder we gümrük amallaryny ýeňilleşdirer. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tähran şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda belledi.

«Doly kuwwatynda işleýän Hazar ulag ulgamynyň döredilmeginiň biziň ýurtlarymyzdan birnäçe ýöriteleşen wezipeleriň çözülmegini talap edýändigi gürrüňsizdir diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi we Türkmenistanyň hyzmatdaşlar bilen nyrh ýeňilliklerini hödürlemek, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, milli operatorlaryň arasynda netijeli özara gatnaşyklary ýola goýmak ýaly, möhüm meseleler boýunça işe başlamaga taýýardygyny nygtady» – diýip, türkmen telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Belläp geçsek, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişeninden soň, Eýran Yslam Respublikasyna ilkinji gezek resmi saparyny amala aşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň