Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň Kubogy-2022 (U23) futbol ýaryşynyň ýarym finalçylary mälim boldy

19:5013.06.2022
0
6610

Futbol boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilýän Aziýanyň Kubogy-2023 ýaryşynyň ýarym final tapgyrynda duşuşjak toparlar mälim boldy. Dynç güni çärýek finalyň soňky duşuşyklary geçirildi.

Ýaryşyň ýarym final tapgyryna Ýaponiýanyň, Özbegistanyň (ýer eýeleri), Saud Arabystanynyň hem-de Awstraliýanyň milli ýygyndy toparlary çykdylar.

Çärýek finalda Awstraliýa Türkmenistanyň milli ýygyndysyny 1:0 hasabynda, Özbegistan bolsa 11 metrlik ugrularda Yragyň toparyny (2:2, 3:2), Ýaponiýa Koreýany (3:0), Saud Arabystany bolsa Wýetnamy (2:0) ýeňip ýarym finala çykmagy başardylar.

Ýarym finalyň duşuşyklary 17-nji iýunda Awstraliýa bilen Saud Arabystanynyň, Özbegistan bilen hem Ýaponiýanyň ýygyndy toparlarynyň arasynda bolar. Iki duşuşyk hem Daşkent şäherinde geçiriler.

Futbol boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilýän Aziýanyň Kubogy-2023 ýaryşy 1-nji iýunda badalga aldy. Ýaryşyň final duşuşygy bolsa 15-nji iýulda sagat 18:00-da Daşkendiň “Milliý” stadionynda guralar.

Ýaşlaryň arasynda geçirilýän Aziýanyň Kubogy-2023 (U23) ýaryşynyň häzirki çempiony Koreýa Respublikasynyň ýaşlar ýygyndy toparydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň