Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Berlindäki Lichthof galereýasyndaky «Sepgitler» sergisine gatnaşýar

16:3213.06.2022
0
4166

Germaniýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Berlindäki Lichthof galereýasynda GFR-niň DIM-niň binasynda “Sepgitler” (Horizonte) atly sergi geçirildi.

Sergide Merkezi Aziýa sebitiniň bäş döwleti: Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler.

“Sepgitler” ýaş nesillere gönükdirilip, sebit, ondaky ýurtlar we olaryň mümkinçilikleri baradaky bilimleriň çägini giňeltmek üçin niýetlenendir.

Türkmenistanyň stendlarynda türkmen-german gatnaşyklarynyň ösüşiniň taryhy, häzirki ýagdaýy: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk, ýurtda nemes dilini öwretmek we medeni gatnaşyklar hakynda görkezilýär.

1-nji iýunda geçirilen çäräniň dabaraly açylyşyna ýurduň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, GFR-niň DIM-niň ýanyndaky Willkommen in Berlin diplomatik klubunyň wekilleri, syýasy we ykdysady çygryň, şeýle-de jemgyýetçilik we ylmy guramalaryň, Germaniýadaky kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Sergi myhmanlar üçin 5-nji awgusta çenli açyk bolar. Şol aralykda Merkezi Aziýa döwletleriniň her biri belli günlerde özüniň maglumat beriş çäräsini geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň