Soňky habarlar

Arhiw

Döwletjan Ýagşymyradow meşhur türk serialynda surata düşdi

18:4509.06.2022
0
93876
Döwletjan Ýagşymyradow meşhur türk serialynda surata düşdi

Bellator MMA guramasynda çykyş edýän türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow türkleriň meşhur «Kuruluş: Osman» serialynda çykyş etdi.

Ýagşymyradow bu serialyň 97-nji bölüminde epizodik roly ýerine ýetirýän keşp hökmünde gatnaşdy. Türkmen türgeniniň gatnaşan tapgyry 8-nji iýunda ATV teleýaýlymynda ýaýlyma goýberildi.

Serial Osman imperiýasynyň beýik hökümdary Ärtogrul gazynyň ogly Osman gazynyň tagta çykmagy we döwleti dolandyrmagy bilen baglanyşykly täsin taryhy wakalary mazmunynda jemleýär.

Döwletjan Ýagşymyradowyň häzirki wagtda Bellator MMA guramasynda çykyş edýän ilkinji türkmenistanly söweşiji türgendigini bellemek gerek. Ol amerikan promowşny bilen 2020-nji ýylda şertnama baglaşdy. Döwletjan häzirki wagta çenli 19 gezek ýeňip, 7 gezek ýeňildi, şeýle-de 1 gezek tutluşygy deňme-deňlikde tamamlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň