«Turkish Airlines» Türkmenbaşy ― Stambul aralygynda ýörite uçuşlaryň ýene-de ikisini amala aşyrar

11:0809.06.2022
0
9817
«Turkish Airlines» Türkmenbaşy ― Stambul aralygynda ýörite uçuşlaryň ýene-de ikisini amala aşyrar

Türkiýe Respublikasynyň «Türkhowaýollary» awiakompaniýasy 17-nji we 24-nji iýunda Stambul ― Türkmenbaşy ― Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu barada Atavatan-Türkmenistan habar berdi.

Bu awiakompaniýa Türkmenistan ugurly ýörite gatnawyny 2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda hem Stambul ― Türkmenbaşy ― Stambul ugry boýunça gatnawy amala aşyrar.

Ozal, «Türkhowaýollary» awiakompaniýasy 15 günde bir sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrýan bolsa, indi bolsa, 7 günde birini amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň