«Garri Potter we pelsepe daşy» kitabynyň ýalňyşly ilkinji neşiri auksiona çykaryldy

17:4908.06.2022
0
4943
«Garri Potter we pelsepe daşy» kitabynyň ýalňyşly ilkinji neşiri auksiona çykaryldy
Surat: elitethings.com

«Sotheby’s» auksion öýi Londonda «Garri Potter we pelsepe daşy» kitabynyň ýalňyşly ilkinji neşirini auksiona goýdy. Bu kitabyň diňe bir Joanna Rowlingiň golunyň bardygy üçin däl-de, eýsem ýalňyşly neşir edilendigi üçin hem ýadygärlik gymmatynyň bardygyny bellemeli.

Has takygy, kitabyň yzky daş ýüzünde «filosoflar» diýen söz ýalňyş ýazylypdyr, şeýle-de onuň 53-nji sahypasynda okuwçylaryň ýany bilen Hogwartsa alyp gitmeli zatlarynyň hatarynda «bir taýajyk» diýen söz iki gezek gaýtalanypdyr. «Garri Potter we pelsepe daşy» kitaby ilkinji gezek gaty daşly görnüşde 1997-nji ýylda tiražy 500 ekzemplýarda neşir edildi. Elitethings.com saýtynda bellenilişine laýyklykda, auksiona çykarylan bu kitap nusgasynyň bahasy 250.000 dollar diýlip bahalandyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň