Meksikada üsti adamly wagty asma köpri ýumruldy

17:3608.06.2022
0
6905

Meksikada Kuernawaka şäherinde asma köpri ýumruldy. Hadysa desganyň açylyş dabarasy wagtynda bolup geçdi.

Mir24-iň habar bermegine görä, adamlar topary köpriniň täze abatlanylan bölegine çykan badyna, desga ýumrulypdyr. Onlarça adam, şol sanda şäher häkimi we aýaly şikes alypdyr.

Hadysa bilen baglylykda, prokuratura köprini dikeltmekde ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň hili babatda derňew geçirip başlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň