Sambo boýunça Aziýanyň çempionatyna badalga berler

11:0502.06.2022
0
3293

Şu gün ― 2-nji iýunda Liwanyň Juniýa şäherinde sambo boýunça Aziýanyň çempionatyna badalga berler. Sambo boýunça halkara federasiýanyň resmi saýty düýn agram derejeleri boýunça bijeleriň çekilendigini habar berdi.

Bije çekişligiň netijesi bilen şu salgy arkaly tanşyp bilersiňiz.

Şu gün başlanjak yklym çempionaty 4-nji iýunda tamamlanar. Medallar ugrunda diňe bir Aziýa döwletleriniň däl, eýsem, Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň türgenleri hem ýaryşar. Has takygy, yklym ýaryşyna 16 döwletden 260 türgen gatnaşýar. Şolaryň 20-den gowragy türkmenistanly samboçylardyr.

«Rosneft» ýaryşyň baş hemaýatçysy bolup çykyş edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň