Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kann kinofestiwaly ýeňijileri yglan etdi

14:1030.05.2022
0
887
Kann kinofestiwaly ýeňijileri yglan etdi
Surat: md-eksperiment.org

Kann şäherinde geçen kinofestiwalyň “Altyn palma şahasy” atly baş baýragyna şwed režissýory Ruben Estlundyň “Gussanyň üçbürçlygy” ("Треугольник печали" ) atly filmi mynasyp boldy. Festiwalyň ikinji— Gran-pri baýragyny Lukas Dontuň “Ýakyn” ("Близко") filmi aldy.

Iň oňat režissura ugry boýunça baýraga günortakoreý režissýory Pan Çhan Uk “Gitmek hakyndaky çözgüt” ("Решение уйти") filmi üçin eýe boldy.

Iň oňat aktýor diýlip, Hirokadzu Koreedanyň “Broker” ("Брокер") filmindäki keşbi üçin Son Kan Ho, iň oňat zenan keşbi üçin baýraga Ali Abbasiniň “Mukaddes düşdüş” ("Священный паук") filmindäki keşbi üçin Zar Amir-Ebrahimi mynasyp görüldi.

Iň oňat ssenariý üçin baýragy şwed režissýory Tarik Saleh “Jennetden gelen oglan” ("Парень из рая") filmi üçin aldy.

Bu ýyl festiwalda 18 film baýraklara dalaş etdi. Halkara Kann kinofestiwaly 75-nji gezek 17-28-nji maý aralygynda geçirildi. Bu barada “Interfaks” habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň