Döwletjan Ýagşymyradow «Bellator» guramasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, promowşndaky soňky tutluşygyny geçirer. Mundan soň ol «Bellator» bilen gaýtadan şertnama baglaşar ýa-da çykyşlaryny başga bir gurama bilen dowam eder. Bu barada türkmenistanly türgen MMATIKA kanalyna beren interwýusynda şeýle belleýär:
«Menejerler maňa ýeke-täk tutluşygyň galandygyny, ony hem ýeňmelidigimi aýtdylar. Ine-de bolany. Şertnamanyň möhletini uzaltmalymy ýa-da çykyşlary başga bir ýerde dowam etmelimi, görübereris».
Şeýle-de Ýagşymyradow indiki tutluşygyny UFC-niň ozalky ýarym agyr agram derejedäki çempiony Lioto Maçida bilen geçiresiniň gelýändigini beýan etdi.
Bellesek, Döwletjan Ýagşymyradow «Bellator» guramasy bilen 2020-nji ýylyň dekabrynda şertnama baglaşmak bilen, bu guramada ilkinji türkmenistanly boldy. Ol ýaryşlarda umumy görkezen netijesinde 19 gezek ýeňip, 7 gezek asgyn geldi hem-de 1 gezek tutluşygy deňme-deň tamamlady.