Aşgabatda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi geçiriler

10:0327.05.2022
0
7441

Şu ýylyň 29 — 31-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda söwda toplumynyň sergisi geçiriler.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, sergä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri, ýurduň raýatlary, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri çagyrylýar.

Serginiň iş wagty:

  • 29-njy maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
  • 30-njy maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
  • 31-nji maýda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy, Söwda-senagat edarasy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 39-89-81.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň