Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň Döwlet býujetini taýýarlamak baradaky resminama gol çekdi

21:3725.05.2022
0
2607
Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň Döwlet býujetini taýýarlamak baradaky resminama gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň Döwlet býujetini taýýarlamak boýunça degişli Resminala gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi:

— Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we «Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramaga we olary 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermäge;

— ýokarda görkezilen taslamalary düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermäge;

— bu taslamalary taýýarlamak üçin hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge we onuň işini netijeli guramaga borçly edildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan degişli resminama “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan” ugur alyp, şeýle-de Býujet kodeksine laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we «Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň