Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«UlagExh» «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergä gatnaşýar

15:0125.05.2022
0
4705

Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň sergi zalynda öz işine başlan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergisinde «UlagExh» hususy kärhanasynyň guran sergi tanyşdyryşy hem köpçüligiň ünsüni çekýär.

Kärhana bu ugurda häzire çenli öz alyp barýan işini — halkara derejesinde ýük daşamalarynyň dürli görnüşleri boýunça ýetirýän hyzmatlaryny şunuň ýaly sergilerde, giň köpçülikleýin çärelerde yzygiderli tanyşdyryp gelýär.

Kärhananyň tanyşdyryşynda hödürlenen maglumatlar «UlagExh-iň» islendik ulag görnüşleri arkaly multimodal transport, ammar hyzmatlary, ýörite enjamlary kärendesine almak, gümrük meselelerini resmileşdirmek we ulag logistikasy, şeýle-de halkara we şäherara ýükleri daşamak ýaly ugurlarda alyp barýan işlerini görkezýär.

Serginiň çäginde kompaniýanyň hünärmenleri işlerini tanyşdyrmak bilen, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylyşynyň ulag kärhanasynyň ýeke-täk ekosistemasyny gurmaga we işini optimallaşdyrmaga näderejede ýardam edýändigini beýan edýärler.

Şeýle hem sergi mümkinçilikleri «UlagExh» tarapyndan işewürligi giňeltmek, ulag we logistika zynjyryny gurmak üçin ygtybarly hyzmatdaşlary tapmak, ulag we logistika amallaryny dolandyrmagy optimallaşdyrmak üçin IT çözgütlerini saýlamak we ulanmak maksady bilen ýygnak geçirmek üçin ulanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň