Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler we paýtagtyň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ir bilen döwlet Baştutany Aşgabat şäheriniň ýokarsyndan dikuçarda aýlanyp, paýtagtda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerini, şäheri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişini, şeýle hem ýurduň baş şäheriniň ekologiýa ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işleri synlady.
Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow uçuşyň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri bilen tanyşdy. Bu ýerde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň toplumynyň gurluşyklary batly depginlerde dowam edýär.
Soňra döwlet Baştutanynyň dikuçary paýtagtyň merkezine tarap ugur alyp, guşuçar belentlikden Büzmeýin etrabynyň çäginde gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini ulanmaga tabşyrmak boýunça görülýän taýýarlyk işlerini synlady. Bu merkeziň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda hereket edýän elektrik beketleriniň enjamlaryny ýokary derejede abatlamakda aýratyn möhüm orun eýelär.
Aşgabadyň günbatar tarapynda gurlan ýaşaýyş jaý toplumlary, aýratyn-da, “Gurtly” we “Köşi” ýaşaýyş toplumlarynyň çäginde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, durmuş ulgamyna degişli ugurdaş desgalaryň bina edilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Şeýle hem döwlet Baştutanynyň dikuçary paýtagtda täze döredilýän “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binasynyň, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, “Parahat – 7” ýaşaýyş jaý toplumynyň, Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
Soňra döwlet Baştutany Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan gyzyklandy.
Ol ýerde hormatly Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow hem-de Türkmenistanyň ozaldan gelýän işjeň hyzmatdaşy, Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Bukato mähirli garşyladylar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow hormatly Prezidente paýtagtyň çäklerinde ýerleşýän awtomobil köprüleri, olaryň aýratynlyklary, şeýle hem köprüleriň ýerasty bezeg işleriniň görnüşleri barada hasabat berdiler.
Soňra bu ýerde Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Bukato döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurtda “Demirgazyk – Günorta” ulag geçelgesiniň gurluşygynyň taslamasy we onuň ýerleşjek ýeriniň teklip edilýän çyzgylary barada hasabat berdi. Şeýle hem işewür “Aşgabat – Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň “Garabogaz – Gazagystan serhedi” böleginiň ýerleşjek ýeriniň teklip edilýän çyzgylaryny, gurulmagy göz öňünde tutulýan ýoluň aýratynlyklaryny we onuň ugrunda ýerleşdiriljek hyzmat ediş desgalaryny, awtobus duralgalarynyň görnüşlerini, yşyklandyryş ulgamynyň sütünleriniň taslamalaryny we ýoluň ugrunda oturdyljak şertli belgileriň nusgalaryny hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi.
Şäheriň Köpetdag şaýolunyň durkuny täzelemek, Aşgabat şäheriniň daşyndan geçýän halkalaýyn aýlaw ýolunyň demirgazyk bölegini döwrebaplaşdyrmak boýunça teklip edilýän işleriň görnüşleri, şeýle hem olar bilen baglanyşykly çyzgylar baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.
Soňra döwlet Baştutany Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň belentliklerine galdy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna toplumyň yşyklandyryş ulgamynyň teklip edilýän görnüşleri görkezildi. Şeýle hem döwlet Baştutany şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäheri boýunça guran iş saparynda Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak işlerinde häzirki zaman hem-de ýokary hilli bezeg serişdeleriniň ulanylmagy boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza paýtagtymyzyň günorta künjeginde sil suwlaryny toplaýan gorag desgalarynyň, sil suwlaryny süzüji we sil suwlaryny toplaýan bentler, beton hem-de toprak düşekli akabalar we olaryň görnüşleri bilen baglanyşykly taslamalar hem-de ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.
Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.