Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ak nesil» okuw merkezi iňlis dili boýunça tanyşdyryş synag okuwlaryna çagyrýar

10:2620.05.2022
0
6358

Aşgabatda ýerleşýän «Ak nesil» okuw merkezi 6-8 ýaş aralygyndaky çagalary iňlis dili dersi boýunça geçirilýän tanyşdyryş synag okuwlaryna gatnaşmaga çagyrýar.

Synag okuwlarynyň geçiriljek wagty:

  • 21-nji maýda — 12:00-dan 13:00-a çenli iki sapak we 14:00-dan 15:00-a çenli iki sapak;
  • 22-nji maýda — 12:00-dan 13:00-a çenli iki sapak.

Geçiriljek sapaklaryň temasy «Beden agzalary» (Body parts) diýlip atlandyrylýar.

Okuw sapaklary bu okuw merkezine ilkinji gezek gelýänler üçin tölegsizdir. Çagalarynyň gyzyklanmalaryny, öwrenişini we oňa okuwyň näderejede gyzyklydygyny bilmek üçin ene-atalar hem sapaklara gatnaşyp bilerler.

Okuw merkeziniň okadyş usullaryna laýyklykda, sapaklar 6 synpa bölünip, her synpda 10 töweregi okuwçynyň gatnaşmagynda geçiriler. Bu bolsa mugallymyň her bir okuwçy bilen aýratynlykda işleşmegi üçin örän oňaýly usuldyr.

Bu ýerde alnyp barylýan okuw usulyýeti eýýäm çagalaryň ýetişigi we sapakda geçilýän zatlary özleşdirip bilýändigini görkezdi, bu bolsa öz nobatynda ulanylýan okuw usullarynyň ýerlikli ýola goýulýandygyna, şeýle-de çagalaryň sapaklar bilen birlikde beýleki okuw maksatnamalary boýunça bilimleriniň artmagyna ýardam edýändigine şaýatlyk edýär.

Okuw sapaklaryna +99361119551, 955028 telefon belgileri arkaly habarlaşyp ýa-da okuw merkeziniň sosial media hasaby boýunça ýazylyp bolýar.

«Ak nesil» okuw merkeziniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, 1946-njy köçe (Bitarap Türkmenistan şaýoly), 129-njy bina (Binanyň sag tarapyndan girmeli).

Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabatdaky «Ak nesil» okuw merkezi täze okuw möwsümine kabul edişligiň başlanandygyny yglan etdi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň